Abadan durmuşyň taglymaty

5 Maý 2021
689

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz barha gözelleşýär. Oba hojalyk ulgamynda kuwwatly häzirki zaman kämil tehnikalaryň satyn alynmagy bilen pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýeri ekişe taýýarlamakdan başlap, ekiş, bejergi, dökün dökmek, haşal otlara we zyýanly mör-möjeklere garşy himiki serişdeleri pürkmek, mahlasy, agrotehniki çäreleriň aglabasy tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Galla oragynda, pagta ýygymynda kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Daýhanlar üçin edilýän bu aladalar, hemaýat-goldawlar ekinlerden ýokary hasyl öndürmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk çäreleriniň wagtynda geçirilmegi olary zähmete höwesli çemeleşmeklerine ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň kabul edýän resminamalaryny ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde, möwsümleýin oba hojalyk çärelerinde zähmet bäsleşigini guramakda, üstün çykanlary dabaraly ýagdaýda höweslendirip durmakda hünärmenlerimiz işjeňlik görkezýärler.