Gaýduwsyzlygyň nusgalyk göreldesi

5 Maý 2021
656

Tamamlanany bäri 76 ýyl geçen hem bolsa XX asyryň taryhynda iň pajygaly wakalarynyň biri hökmünde yz goýan 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşy millionlarça adamyň ömür tanapyny kesdi. Bu ýowuz urşuň pajygaly ýyllarynda edermen är-ýigitlerimiz, atalarymyz we agalarymyz Watan üçin jan alyp, jan berdiler. Ol günleri gözi bilen görüp, egni bilen çeken ynsanlaryň kalbynda hiç haçan unudylmajak ajy hasrat ýatyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunda Beýik Ýeňşi gazanmaga goşant goşan uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken adamlaryň abraý-mertebesi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has belent tutulýar. Frontçylara, tylda zähmet çekenlere we uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna durmuş ýeňillikleri döredilýär. Häzirki şeýle eşretli döwrümize buýsanyp, döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşaýan gahrymanlarymyzyň ýürekleri bolsa zamanamyza bolan söýgüden doly. Şeýle adamlaryň biri Dänew etrabynyň Göýnük geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaşuly weteran Rahym Kerimowdyr. 97 ýaşy arka atan Rahym aga bilen gürrüňdeşligimizde front ýyllaryny ýatlamak oňa aňsat düşmedi. Ol: «Watan üçin şirin janlaryny gurban eden mert ýigitleriň, biri-birinden aýra düşen ynsanlaryň çeken jebri-jepalary häli-şindi hem meniň göz öňümde janlanýar. Millionlarça adamlar şol külpetli günleriň gurbany boldular. Uruş ulyny-kiçini saýgarmady. Menem 19 ýaşymda fronta ugradym» diýip Rahym aga ýalynly ýyllary ýatlaýar. Rahym aga söweş ýoluna Ukraina frontunda atyjylyk bölüminde başlapdyr. Ol Russiýanyň we Ukrainanyň azat edilmegi ugrundaky söweşlere gatnaşypdyr.

Sülgün JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň jogapkär işgäri.