Milli gymmatlyklara ygrarlylyk

5 Maý 2021
649

Türkmen halky dünýäde iň gadymy halklaryň biri bolmak bilen, onuň ahalteke bedewi, nepis halysy, wepadar alabaýy hem öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar.

Häzirki wagtda obalarda türkmen öýüni, ýaýlalarda çarwany alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýaýlalarda sürüleri möjeklerden goramagyň hötdesinden gelip bilýän, onda-da möjekleriň ordasynyň sanyna garamazdan, garpyşyp bilýän türkmen alabaýy diňe Diýarymyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarlarda hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» kitabynda halkymyzyň milli mirasy hökmünde alabaýlaryň abraýyny bütin dünýä äşgär etdi.

Abdybaý ORAZOW,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.