Uly toýlaryň bosagasynda

3 Maý 2021
644

Güneşli ýurdumyzda toýlarymyz goşa--goşadan gelip, Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlarymyzyň yzly-yzyna sepleşip gelmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna şu günlerden taýýarlyk işleri görülýär.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýüregi, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabat görenleri haýrana goýýar. Ak don geýen dek ak mermerli şäherimiziň owadanlykda biri- -biri bilen bäsleşýän binalarydyr ýadygärlikleri, seýilgähleridir suw çüwdürimleri, gijäni gündizlik edip, ýalkymyny saçýan yşyklary, gönüden, lowurdap duran köçeleri şäherimizi has-da görklendirýär. Gözel şäherimiz daşdan-ýakyndan gelýän myhmanlara gujak açyp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. Aşgabat şäheriniň 2013-nji ýylda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi şäher ýaşaýjylary bilen birlikde ähli türkmen ilimiziň ýüreklerini buýsançdan doldurdy.