Bagta uzaýan taryhy ýollar

3 Maý 2021
742

Taryhçy alymlaryň gelen netijelerine görä, XX asyr Türkmenistanyň taryhynda gapma-garşylykly taryhy wakalaryň köp döwri boldy. Bu döwürde Türkmenistan iki sany syýasy-jemgyýetçilik gurluşy başdan geçirip, soňra üçünjisine — Garaşsyzlygyna gowuşdy. Şeýlelikde, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň joşgunly setirlerinde beýanyny tapan berkarar döwleti durmuş hakykatyna öwrüldi.

Türkmen döwletiniň paýtagty Aşgabat täze, innowasion tehnologiýalar esasynda dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, ol ýaşamak üçin dünýäniň iň amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Parahatçylygy dörediji sebit merkezi bolmak bilen, şäher özboluşly binagärlik taslamalary boýunça döredilen köp sanly dolandyryş, önümçilik, işewürlik, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, söwda, dynç alyş we beýleki desgalary özünde jemleýär. Binagärlik keşbini depginli täzeleýän türkmen paýtagty ajaýyp binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş tapgyrynyň gurulmagy netijesinde has-da gözel görke girdi.

Nurmyrat DURDYLYÝEW,
Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň baş ylmy işgäri.