Goňşy — goňşynyň aýnasy

2 Maý 2021
839

Biziň halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Pederlerimiz goňşy halklara, olaryň däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdüripdirler. Şeýle ynsanperwer ýörelgelere eýermek bilen, öz nobatynda halkymyz hem uly abraý-mertebä eýe bolupdyr. Çünki sylag-hormatyň, dost-doganlygyň bar ýerinde agzybirlik, ynanyşmak ýaly, adamzady bezeýän asylly häsiýetler bar. Muňa aňryýany bilen düşünýän şahandaz halkymyz «Goňşy – goňşynyň aýnasy», «Kyýamat güni goňşudan», «Ýer alma, goňşy al», «Goňşy goňşa hemsaýa» ýaly birnäçe pähim-parasatlary döredipdirler.

Hoşniýetli gatnaşyklar dost-doganlygyň barha güýjemegine, agzybirligiň berkemegine itergi berýär. Dostlugyň we dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde uly ösüşlere ýetip bolýandygy barada hem ençeme pähimler bar. Il içinde kimdir biriniň öz dosty bilen agzybirlikli, ýakyn we berk gatnaşygy häsiýetlendirilende, «Içen suwlary aýry gitmeýän dostlar» diýlip, ýüregiňe jüňk bolýan jümleleri dile alýarlar. Bu babatda bir derýadan – Amyderýadan suw içýän türkmen halky bilen doganlyk özbek halkynyň dostana gatnaşyklary dogrusynda söhbet etmezlik asla mümkin däl.

«Bereketli toprak».