Şanly ýyla şan goşýan wakalar

2 Maý 2021
766

Ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşmagy, ähli sebitlerde dürli maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi şanly ýylyň ajaýyp wakalary hökmünde her birimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň başyndan bäri welaýatymyzda birnäçe desganyň gurlup, toý ruhunda işe girizilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Welaýatymyzyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda täze, döwrebap ýyladyşhanalaryň açylanyndan köp wagt geçmänkä, Ak bugdaý etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň açylyş dabarasyna şaýat bolmak bagty miýesser etdi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.