Arkadagyň bagt şäheri — Aşgabat

30 Aprel 2021
903

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň nusgasyna öwrüldi. Aşgabat milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Baş şäherimiziň şunuň ýaly ýokary baha mynasyp bolmagynyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalarynyň, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige ýugrulan döwlet syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamalydyrys.

«Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has gözelleşdirmelidiris, ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýip nygtaýan milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Aşgabat mähriň, söýginiň, dostlugyň hem-de rowaçlygyň şäheri hökmünde tanalýar. Gözel paýtagtymyz halkara derejesinde maslahatlaryň, duşuşyklaryň, aýdym-saz, sungat bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň geçýän ýerine öwrüldi. Ak şäherimiziň myhmanlarda has ýakymly täsirleri galdyrýandygy biziň üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. Aşgabat ata Watanymyzyň berkararlygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň nyşany bolup,  göwünlerimize ylham berýär.

Nartäç ÇÜÝÇANOWA,
Balkanabat şäherindäki 42-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.