Parahatçylygy dörediji milli Lider

30 Aprel 2021
737

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bilelikdäki mejlisde hormatly Prezidentimiz çuň manyly we baý mazmunly çykyş edip, uzak geljegi nazarlaýan taryhy pursatlara ýokary baha berdi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň Baştutany hökmünde we halk bilen bilelikde alyp barýan parasatly syýasaty dünýäde nusgalyk derejede ösüşlere eýe bolýar.

Şol taryhy günüň yzysüre hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda merjen şäherimiz Aşgabatda geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejedäki halkara maslahat hem munuň aýdyň güwäsidir.

Merdan MEREDOW,
TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy.