Zähmet ýerine düşýär

30 Aprel 2021
1013

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şu günlerinde etrabymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip, ýokary hilli önüm almak ugrundaky zähmet ýerine-de düşýär. Bu öndüriljek ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Etrabymyzyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmekde has-da tapawutlanyp, zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri bolmak üçin arman-ýadaman tutanýerli işleýärler. Tejribeli ýüpekçileriň biri-de etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ejegyz Berdiýewadyr. Bu kärendeçi 40 gram ýüpek gurçugyny idedip, ýokary hilli önüm almakda tutanýerli zähmet çekýär. Bu ýüpekçi gelnejä öz çagalary, gelinleri ýakyndan ýardam berýärler.