Aziýanyň merjen şäheri

30 Aprel 2021
918

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belleniler. Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan Aşgabadyň ak mermere beslenen binalarynyň iň köp jemlenen şäheri hökmünde, şeýle hem, başga-da birnäçe görkezijiler boýunça Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi biziň ählimiziň buýsanjymyzy, gözel şäherimize bolan guwanjymyzy goşalandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde tanalmaz derejede özgeren, görenleri haýrana goýýan ajaýyp paýtagtymyz özüniň täsin binagärlik keşbi, gaýtalanmajak gözelligi bilen her kimi özüne maýyl edýär.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin zerur bolan ähli amatly şertler döredilen şähere öwürmek barada yzygiderli alada edýär. Aşgabady ösdürmegiň her bir tapgyrynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini nazarlaýan desgalar gurlanda zerur durmuş, tehniki-ulag we aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegine örän oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrýar. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hilli we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň ulanylmalydygyny, olaryň ekologiýa we gözellik babatda netijeli bolmalydygyny nygtaýar.