Paýtagtym — ak bagtym

30 Aprel 2021
944

Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Diýarymyzyň her bir güni toý-baýrama beslenýär. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan, dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda iň bir abraýly orunlary eýeleýän medeniýetmizi gorap saklamak, ösdürmek we ony baýlaşdyrmak, täzeden dikeltmek üçin mähriban Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň sany sanardan kän. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiziň geljegi barada edilýän alada ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň wajyp ugurlarynyň biridir.

Göreniňde gözüňi dokundyrýan, eşideniňde haýran galdyrýan ýurt bu biziň eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Arkadagymyzyň ylham güzerinden döreýän şa eserleri deý paýtagtymyzyň keşbi diýseň görkana, diýseň ajaýyp. Çünki, Aşgabadyň gözelligine Arkadagymyzyň yhlasly zähmeti, mähirli söýgüsi siňýär. Her günümizi täze ösüşlere sary alyp barýan Arkadagymyzyň saýasynda paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Göýä sungat adamsy kalbynyň içki gözelligini öz eserine siňdiren ýaly ak şäherimiz Aşgabat diýseň gözel, görkana! Elbetde, gözellik we inçeden-inçe bezeg işleri bir ýere gaplansa, ol bir tapylgysyz hazyna ýaly elýetmez bolýar.