Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

30 Aprel 2021
810

Kemal ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy:

— «Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda adamlar, olaryň abadançylygy, asudalygy, saglygy hakyndaky aladalaryň durmagy bagtyýar durmuşymyzy görkezýär. Maşgala özboluşly ilkinji guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli meseleler çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr.