Ak şäherim Aşgabat

30 Aprel 2021
952

Myhmansöýerligiň, ynsanperwerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, nurana döredijiligiň mekany, ýurdumyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän, gülleýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilbaglary bilen bu ýere myhman bolup gelenleriň ünsüni özünde jemleýär. Şeýle ajaýyplyklary synlanyňda bolsa, şäheriň döreýşi, onuň geçmiş-taryhy we ösüşi hakyndaky sowally jümleler biygtyýar seriňe dolýar.

Köpetdagyň eteginde, goja dagyň goýnunda seleňläp oturan bu gadymy mekanyň baý taryhy, asyrlara uzaýan beýik geçmişi bar. Onuň üç asyryň şaýady bolup, ynsan dünýäsine gujak gerip oturandygyna geçmişiň gatlaryna syýahat edeniňde doly göz ýetirýärsiň.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.