Bagtyýar döwrüň peşgeşi

29 Aprel 2021
652

Türkmen halky milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýlarynyň baýramynyň utgaşykly bellenilen toý dabaralarynyň çäginde guralan bäsleşikler, maslahatlardyr duşuşyklar, sözüň doly manysynda, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini Äleme ýaýdy.

Toý günlerinde ýurdumyzyň ussat atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy diýseň şatlykly wakalara öwrüldi. Hormatly atlara we Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň hem bolmagy ählimiz üçin buýsançly boldy. Etrabymyzyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň ýaşaýjylary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Kuljanowyň hem-de şol toplumyň Atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Saparowyň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlara, mundan başga-da Suwhandurdy Kuljanowyň Mary şäherindäki atçylyk sport toplumynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji at çapyşykda ýeňiji bolup, ýeňil awtoulaga mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi. Atşynaslaryň obasynyň ýene-de bir ýaşaýjysy, ýagny atşynas Çarymyrat Ballyýewiň seýislän Aýgytly diýen bedewi ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bolsa, bu türgene Şa serpaýyny — «Leхus» awtoulagyny, göçme kubogy hem-de diplomy gazandyrdy. Biz ildeşlerimiziň gazanan ajaýyp üstünliklerine buýsanýarys.

Annamuhammet ATANEPESOW,