Merjen şäher Aşgabat

29 Aprel 2021
816

Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabat has-da röwşen geljegi nazarlaýar. Keşbi tanalmaz derejede özgeren we barha gözelleşýän paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat soňky ýyllarda binagärlik toplumlary, dürli maksatly desgalary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen görküni artdyrýar. Şeýlelikde, bu gün Türkmenistanyň paýtagty ähli halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip bellenilýär. Munuň özi merjen paýtagtymyza bolan söýgüden nyşandyr.

Oguljennet ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.