Röwşen geljegimiziň binýady

28 Aprel 2021
814

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýaşlar barada bolup durýar. Milli Lide-rimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara bagly-dygyny her bir çykyşynda diýen ýaly nygtap, döwletiň öňünde ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri goýýar. Arkadag Prezidentimiziň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň iň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredilýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakdaky atalyk aladalaryna jogap edip, bagtyýar ýaşlarymyz öz ylym-bilimleri, yhlasly zähmetleri bilen eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermekligi hemişe öz mukaddes borçlary saýmalydyrlar.

Kömek BAÝJANOW,
Balkanabat şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.