Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bank hyzmatlary

28 Aprel 2021
1004

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurduň durnukly ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak baradaky maksatdan ugur alýar. Karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde oba hojalyk, senagat önümlerini öndürijiler, hususy telekeçiler önümçiliklerini giňeldýärler.

Mälim bolşy ýaly, döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda telekeçiler, hususy önüm öndürijiler döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylýar, olara ýeňillikler, netijeli işlemekleri üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Olary maliýe taýdan goldamagyň esasy maksatlary önümçilige innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmekden, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden ybarat bolup durýar.

Zubeýda REJEPOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň esasy hünärmeni.