Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik

28 Aprel 2021
820

Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» atly çäre geçirdik. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitapdan ugur alnyp geçirilen çärä bu ýerde hünär öwrenýän ýetginjekler we mugallymlar gatnaşdylar.

Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigi barada çärede edilen çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi. Ýaş nesliň saglygy, geljegi barada atalyk aladasyny edýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Gurbanbibi REJEBOWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.