Paýtagtymyz şanly toýlara barýar

28 Aprel 2021
726

Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, golaýlaşyp gelýän şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzy toý lybasyna beslemek, onuň abadançylygyny artdyrmak we arassalygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňňin Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda garalan esasy meseleleriň biri boldy.

Milli Liderimiz şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny we şanly seneleriň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli guralýandygyny aýtdy.

«Aşgabat».