Işler depginli dowam etdirilýär

28 Aprel 2021
794

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 26-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlarynyň birnäçesi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda gowaça ekişini bellenilen möhletde, agrotehniki talaplara laýyk geçirmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek barada kesgitlän anyk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew häzirki döwürde ýerlerde gyzgalaňly dowam etdirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalarda işleriň barşy, ýene-de sanlyja günlerden welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň etmek bilen, iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň möwsümleýin oba hojalyk işlerini sazlaşykly guramak barada birnäçe tabşyryklary berendigini habar berdi.