Aşgabatda aýratyn bir jady bar, aşyklar şäheri diýen ady bar

28 Aprel 2021
736

Gözellik, söýgi, mähir kimin nurana jümleler seriňe dolanynda, ynsan kalbynda, ilki bilen, ata Watana, beýik işleri bilen türkmeni dünýä tanadan eziz Arkadagymyza buýsanç duýgulary oýanýar. Ajap eýýamda özgeren sähra-ýaýlalar, gülläp ösýän oba-şäherler, täsin öwüşginli belent desgalar göz öňüňde janlanýar. Bu gün «Aşyklar şäheri» diýen ady alan gözel paýtagtymyz her bir türkmenistanlynyň arzuwlarynyň wysal bolýan, dostlukly halklaryň görmegi ýürekde besleýän şäherine öwrüldi. Çünki dünýä ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýan ak şäherimiz wakalardan doly we täze döredijilikli durmuşy başdan geçirýär. Bu ýerde ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär.

Bu gün döwletimiziň beýik binagäri hormatly Prezidentimiziň egsilmez yhlasy, ýiti zehini bilen dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen ak şäherimiziň görküni görmäge göz gerek. Ak mermerden bina edilen gözel paýtagtymyz behişdi ýatladýan jennetiň bir künjegine öwrüldi. Milletimiziň ýüregi deý giň Çandybil, Arçabil, A.Nyýazow, Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Magtymguly ýaly ençeme şaýollaryndan, iki gyrasy jäheklenen ýaly baglara, arçalyga beslenen, ak bagta sary uzaýan köçelerinden menzil aşanyňda özüňi, göýä, jenneti mekanyň içinde ganat ýaýyp ýören kimin duýýarsyň. Ajaýyp ýollarymyzyň çatryklarynda owadan aýlawlar, kaşaň köprüler gurlup, olarda biri-birinden täsin bezeg binalary döredildi. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz Diýarymyzyň ýüregi gözel Aşgabadymyzyň gür baglyga bürenip oturan serhowuzly seýilgähleri, öwşün atýan altyn gümmezli köşkleri we täsin suw çüwdürimleri, belent binalaryň we desgalaryň binagärlik görki bolsa akylyňy haýrana goýýar, kalbyňa gözellik çaýýar. Bagy-bossanly, elwan güllere beslenen paýtagtymyz dünýäde iň owadan we ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriň hataryna goşuldy. Çünki berkarar Diýarymyzyň baş şäherinde kemala gelýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, ähli durmuş düzümleri ýokary amatlylygy, kämilligi, şeýle hem ajaýyp binagärlik görnüşi, täsinligi bilen aýratyn özüne çekijidir.

Jumagül HOJAÝEWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.