Parahatlyk — ýürek baýdagy

28 Aprel 2021
1309

Mähriban Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyndan alnan bu setir döwrümiziň ruhy şygaryna, mähir mukamyna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän üstümizdäki ýylda bolsa parahatçylyk aýratyn mana, üýtgeşik öwüşgine eýe bolup, belent ýaňlanýar. Bu ýöne ýerden däl, türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde halkymyz bu sözi synmaz umyt, beýik ynam siňdirip öwran-öwran gaýtalapdyr. Bu mukaddes söze ata-babalarymyzyň arzuw-islegi siňendir, ol biziň bagtyýarlyk döwrümizde-de ýürekleriň maksady, dilleriň senasydyr. Çünki asuda durmuşda ýaşaýan ynsanlaryň didary ýagty, zähmeti netijeli, döredijiligi manyly.

Parahatçylygy döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugruna öwren hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyny siňdirip ýazan ähli eserlerinde diýen ýaly parahatçylyk temasyna ýüzlenýär. Mähriban Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserinde parahatçylygyň manysyny şeýle düşündirýär: «Parahatçylyk — munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr».

Gülçehra HOJANYÝAZOWA,
mugallym.