Harby tehnikalar — milli goşunymyzyň kuwwatly güýji

28 Aprel 2021
736

Ýaňy-ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde buýsançly dabaralaryň ýene-de biri, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň Awtomobil müdirligi tarapyndan «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň harby bölüme gowşurylyş dabarasy ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Bu dabarada harby bölümiň serkerdesi söweşjeň harby tehnikalaryň milli goşunymyzyň kuwwatly güýji bolup durýandygy, şeýle-de her bir harby gullukçynyň öz gulluk borçlarynyň çäginde harby tehnikalara degişli ideg etmekdäki jogapkärçiligi barada täsirli çykyş etdi. Geçirilen dabarada täze kabul edilen awtoulaglaryň sürüjilerine açarlary gowşurylan pursatlar has hem tolgundyryjy boldy. Harby awtomobilleriň sürüjileri şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Watan öňündäki mukaddes harby gulluk borçlaryny lebzihalal, harby borjuna we harby kasama wepaly berjaý etjekdikleri barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Babamyrat ŞEÝDYLLAÝEW,
podpolkownik.