Joşgunymyň gözbaşy sen — Aşgabat!

28 Aprel 2021
615

Aşgabadyň seýilgählerine seýle çykmak, iň gowy görýän endiklerimiň biri. Men bu endigimden ullakan lezzet alýaryn. Ýogsa, zenan maşgala üçin boş wagtam ýok, öýüň ownuk-uşak hysyrdysyndan daşgary-da, iş-alada az däl. Meselem, okuwçylaryňa nähilidir bir täze zat öwredip biler ýaly, mekdepde ertirki geçjek sapaklaryňa ykjam taýýarlanmaly, okuw meýilnamaňy kadaly we gyzykly edip doldurmaly, içeriniň arassaçylygy, egin-eşikleriň tämizligi, üç wagtyna biri-birinden tagamly taýýar bolmaly tagamlaram biz — zenanlara garaşyp dur. Emma, şeýle-de bolsa, men şol işleriň daşyndan ak şäherimiz Aşgabada seýil etmäge hökman wagt tapýaryn. Onuňam sebäbini, men mümkin boldugyndan düşündirjek bolaýyn.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi. Watan bolsa, biziň hemmämiziň başymyzyň täji! Diýmek, Aşgabat biziň mähriban Watanymyzyň günbe-günden güýçlenip, beýgelmeginde esasy orun tutýan gymmatlyk. Ýüregi sagdyn, arassa, abat bolan adamyň gujurly, ruhubelent, şadyýan, maksada okgunly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň gözelligi, abadanlygy, tämizligi, sebitde parahatçylyk merkezi diýlip ykrar edilmegi, ata Watanymyz Türkmenistanyň mertebesini has-da beýgeldip, at-owazasyny giň jahana doldurýar. Paýtagtymyza edýän gezelençlerim hem, şol janly we okgunly ösüşi hut gözüň bilen synlamak diýsem, dogry bolar.

Ogulbagt MYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň mugallymy.