Anyk ýollary salgy berýär

28 Aprel 2021
653

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji fewralynda deputatlar bilen duşuşygynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmakda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Halkyň bagtyýar geljeginiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda deputatlara uly jogapkärçiligiň degişlidigine, kanun çykaryjy edaranyň tutuş hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, ilkinji nobatda, durmuş ugruna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ýene-de bir ýola ünsi çeken milli Liderimiz ähli zadyň halkyň bähbidine hyzmat etmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Kanun hukuk namasy bolup durýar. Ol ýurduň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şonuň esasynda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk binýadyny berkitmek parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir». Milli Liderimiziň çykyşynda şu we beýleki wezipelere abraý bilen hötde gelmegiň anyk ýollary birin-birin salgy berilýär.

Gulgeldi GULGELDIÝEW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.