2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

28 Aprel 2021
792

ÖZBEGISTANDA

Golaýda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre guralyp, onuň çäklerinde ilçihana tarapyndan ýurduň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy» atly seljerme makalalary ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa ady agzalan uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, «Dunyo», «Ishonch.uz», «ТNEWS» habarlar agentliklerinden, «Вечерний Ташкент», «Ташкентская правда» gazetlerinden, «Uzbekistan 24», «UzReport» teleýaýlymlaryndan hem-de «ORIAT FM» radioýaýlymyndan žurnalistler çagyryldy.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».