Milli demokratiýa ýoly — döwrümiziň döwletlilik ýörelgesi

27 Aprel 2021
848

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde biziň eziz Watanymyz pajarlap ösýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzda juda ähmiýetli wakalar bolup geçýär. Olaryň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhynyň altyn harplar bilen ýazylýan sahypalaryny barha baýlaşdyrýar. Ine, üstümizdäki ýylyň 14-nji aprelinde bolup geçen şeýle wajyp wakalaryň biri hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylyş dabarasy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegidir. Bu çärelere Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlandyklary baradaky şatlykly habar bolsa türkmen halkynyň kalbynda üýtgeşik buýsanç duýgularyny döretdi.

Maslahatly biçilen don gysga bolmaz

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi».