Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

27 Aprel 2021
708

Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin durmuşa geçirilýär. Bu bolsa berkarar döwletimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda belent sepgitleri eýelemeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen belentlikleriň eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerinde örän uly orun eýeleýändigini aýratyn buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän parasatly, öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde gazanylan üstünlikler, eýelenýän sepgitler baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösüşleriň ýurdudygy baradaky hakykaty bütin Ýer ýüzüne ýaýyp, her birimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görýän günlerimizde gazanylýan belent üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler biziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden we pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Şemşat AGANIÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.