Taryhy däpler hem-de döwrüň batly gadamlary

27 Aprel 2021
779

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymdan gelýän däp-dessurlaryny we medeniýetini täzeden dikeltmek hem-de dünýä ýaýmak, häzirki we geljekki nesillere ýetirmek babatynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenildi.

(TDH).