Paýtagtymyz — gözelligiň nusgasy

26 Aprel 2021
948

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi uly dabaralara beslemek Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda bolsa bu sene has-da uly many-mazmuna eýedir. Sebäbi şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilenine 140 ýyl dolýar. Gözelligiň nusgasyna öwrülen paýtagtymyza her sapar baranyňda, täze hem täsin gözelliklere gözüň düşüp, haýran galýarsyň.

Türkmenistan döwletimiziň baş şäheri Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Paýtagtymyzyň başga-da birnäçe desgasynyň bu kitapdan orun alandygyny bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen barha gözelleşip barýan paýtagtymyza bolan buýsanjymyz, guwanjymyz egsilmeýär.

Rahat GAÝYPOWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.