Şanly ýyla şan getiren goşa toý

26 Aprel 2021
900

Welaýatymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy dabaralara beslendi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde ýelden ýüwrük, gözellikde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň hem-de gaýratlylykda, gaýduwsyzlykda, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri baý many-mazmuna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň ýelden ýyndam bedewlerine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar, şeýle hem baýramyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, atşynaslara ýörite atlaryň dakylmagy ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmeginde uly many bar. Sebäbi olar milli gymmatlyklarymyzdyr.

Ýörite habarçylarymyz.