Ýaş suratkeşleriň baýramçylyk sowgady

26 Aprel 2021
954

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär. Her bir zähmet çekýän adam bolsa bellenilýän baýramlara zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýär.

Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň ýaş suratkeşleri hem ýurdumyzda bellenilýän baýramlara, şanly senelere surat eserlerini taýýarlaýarlar. Bu bölümde ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, birnäçe Halkara baýraklarynyň eýesi, ikinji derejeli nakgaş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewa sapak berýär. Gyzylgül mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem özleriniň ajaýyp surat eserlerini taýýarladylar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, heniz körpediklerine garamazdan, reňkleri sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen bedew atlaryny çeper suratlandyrandyklaryna göz ýetirýärsiň.