Bedewiň mertebesi belent tutuldy

26 Aprel 2021
823

Bedewler — toýly günleriň ýaraşygy. Olar mydama toý buşlugyny getirýärler. Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň oba-şäherlerinde hem toýly-dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Welaýatymyzyň çapyksuwarlary we atşynaslary bolsa Mary welaýatynda ýurt derejesinde geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşdylar. Ildeşlerimiz çapyksuwarlyk türgenliklerini, bedewlerimiz ýüwrükligini görkezdiler.

Lebap atçylyk sport toplumynda bolup geçen baýramçylyk dabaralary hem örän ýatda galyjy, täsirli pursatlara baý boldy. Geçen ýylda durky täzelenilip, abatlaýyş işleri geçirilen toplumyň örän kaşaň amfiteatrynda baýramçylyk konserti boldy. Onda welaýatymyzyň zehinli aýdymçylary gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we halkyň aýratyn zehininden döräp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny yzyna düşürip bilen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirdiler.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.