Alabaýlar üçin Karantin merkezi toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berildi

25 Aprel 2021
888

DÜÝN Ak bugdaý etrabynyň çäginde, dag eteginiň gözel künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň dabaraly açylyşy boldy. Goşa senäniň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň şowhunyny belende göteren bu dabara welaýat we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, täze merkeziň gurluşygyny alyp baran gurluşykçy-hünärmenler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Türkmeniň milli buýsanjy we wepaly ýoldaşy bolan alabaý itleri üçin bina edilen, özboluşly şäherjigi ýatladýan merkeziň giň çägi ir säherden toý ruhuna beslendi. Dabara üçin niýetlenen ýörite meýdançada çäksiz ruhubelentlik we şatlyk höküm sürdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň teleköpri arkaly gatnaşmagynda geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlaryň ýüzündäki şatlyk, buýsanç duýgusyny duýmak has-da ýakymly boldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: Karantin merkeziniň açylyş dabarasyndan pursatlar.