Ýaşlar — ýagty geljegimiziň eýeleri

25 Aprel 2021
711

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 12-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylar gatnaşdy.

Duşuşykda ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek babatda alnyp barylýan işlere üns çekildi. Çykyş edenler ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy, kämil bilimli bolup ýetişmegi ugrundaky wezipeleriň ýaşlar syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny nygtap, ýaş nesle watansöýüjilik, päk ahlaklylyk bilen bagly öwüt-ündewler berdiler.

Öwezberdi ORUSOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.