Saglyk başymyzyň altyn täjidir

25 Aprel 2021
730

Şeýle at bilen Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Duşuşykda milli LIderimiziň ildeşlerimiziň saglygy barada edýän aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň, sport bilen meşgullanmak boýunça döredýän şertleriniň ähmiýeti barada ýaşlara täsirli gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adamyň jan saglygy ýurduň abadançylygynyň iň esasy gözükdirijisidir. Raýatlaryň saglygy hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ilatyň hyzmatyna berlen lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.