Älem haýran keşbiňe

24 Aprel 2021
817

Asyrlaryň dowamynda türkmeni dünýä tanadyp gelen ajaýyp gözellikleriň biri-de, meşhur ahalteke bedewleridir. Gamyşgulak, gazboýun, dikaýak, inçebil, endamy altyn suwy berlen dek lowurdap, sagrysy gümmezekläp, döşi gapak ýaly ýaýylyp duran, owadan ýüwrük at türkmeniň göýä ata-baba durmuş keşbine çalym edýär. Hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyzyň döreýşi, olaryň kemala gelşi hakynda: «Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty, beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip belleýär.

Bu hakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz dogrusynda söhbet açýan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Aşgabat-Moskwa atly ýörişinde (1935 ý.) çapyksuwarlaryň otuzysy 84 günde 4300 kilometr aralygy geçdiler, şunda gündelik geçilýän aralyk 120 kilometre çenli ýetdi, bu aňryçäk aralykdyr. Oňat ahalteke aty bir minutda bir kilometr geçýär, bu hem deňi-taýy bolmadyk netijedir» diýip belleýär. Bedewler ata-babalarymyzyň döwründen bäri, biziň şu günlerimize çenli dowam edip gelýän aýlawly toýlarymyzyň hem ýaraşygy bolup, olaryň şüweleňini has-da artdyrýarlar. Baýrakly orunlary eýeläp, eýelerine abraý getirýärler. Bedewler her bir ynsan balasynyň guwanjy, syrdaşy, her bir işde uçar ganaty, wepaly ýoldaşy bolup hyzmat edipdir. Bilşimiz ýaly, Altyndepeden tapylan atyň kellesiniň, Marguşdan tapylan taýçanagyň şekilleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bedew at türkmen halky üçin ýönekeý bir jandar ýa-da ulag serişdesi bolman, ol her bir türkmeniň ar-namyslylygynyň, merdi-merdanalygynyň, watansöýüjiliginiň, ahlak päkliginiň, wepadarlygynyň aňrybaş nyşany bolup, halkyň durmuşyna mäkäm ornaşandyr.

Gurbangeldi GURJIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.