Toýlarymyzyň bezegi

24 Aprel 2021
809

Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy, atçylyk toplumlaryny ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewi 2006-njy ýylda doguldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişlidir. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Akhanyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Şonda atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy. Ol çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Ol şondan ozalky netijäni iki esse gowulandyryp, täsin görnüşde täze rekord goýdy. Akhanyň haýran galdyran görkezijisi kanunalaýykdyr. Çünki bu täsin aty Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ösdürip ýetişdirdi. Ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň janköýeri bolan döwlet Baştutanymyz öz atlarynyň häsiýetini oňat bilýär we olaryň her birine aýratynlykda çemeleşýär.

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden dabaralanýan ýylynda, ýagny 22-nji martda Akhan atly bedewiň ilkinji taýçanagy dünýä indi. Baharyň nurana günleriniň birinde taýçanagyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýmagy ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty has-da belende galýar.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.