Giňdir dünýä — geňdir dünýä

24 Aprel 2021
1048

■ Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda iki gezek mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýädäki iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Akhan atly ajaýyp bedew çarpaýa galyp, iň gowy netijäni görkezip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy.

■ Dünýädäki iň uzyn ata Belgiýada duş gelmek bolýar. Big Jake diýip atlandyrylan atyň uzynlygy 2 metr 10 santimetrden gowrakdyr. Big Jake ýaşap ýören atlaryň arasynda iň uzyn bedew ady bilen 2010-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Taryhy maglumatlara görä, dünýäniň iň uzyn atynyň boýy 2 metr 19 santimetre barabardyr.