Ak şäheriň bedewleri

22 Aprel 2021
882

Aşgabat — gözelligiň şäheri. Owalynda ady söýgi bilen baglanyşdyrylyp döredilen Aşgabadymyzyň islendik künjegine baryp göreniňde-de bu durmuşa, barlyga, ýaşaýşa söýgä ýugrulan binalara, ýadygärliklere gözüň düşýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly toý tutup, baýram etmek barada aýdanlary hem halkymyzyň mähriban paýtagtyna söýgüsiniň ýüze çykmasy bolup, ýüreklerde joşgun döretdi.

Aşgabat diýlende türkmeniň ykbalyna dahylly seneler seriňe dolýar. Munuň sebäbi ýönekeý: ajaýyp paýtagtymyz türkmeniň ykbaly bilen baglanyşykly wakalaryň ençemesiniň şaýady. Bu şäherde ol taryhy wakalar barada gürrüň berýän ýadygärlikleriň, binalaryň, muzeýleriň... ençemesi bar. Olaryň her biri biziň şu topraga, pederlerimiziň geçen ýollaryna söýgimizi has-da artdyrýar.

Äşe GUBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.