Garaşsyzlyk — mizemez bagtyýarlygyň gözbaşy

22 Aprel 2021
1010

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly toýa sowgatly barmaga ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze-täze üstünlikleri gazanýar.

Eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşler, guwandyryjy üstünlikler biziň her birimizi guwandyrýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzyň halkara derejesindäki mertebesini has-da belende göterýär.

Magtymguly SALTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.