Buýsanjymyz — şanly Watan

22 Aprel 2021
790

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, üstümizdäki ýylda ýurt garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk ýurdumyza özygtyýarly döwlet bolup, özüniň dünýä ýüzünde ýöredýän syýasatyny, dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny özbaşdak kesgitlemäge we ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen iki taraplaýyn we dünýäniň, sebitiň bähbitlerine gönükdirilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa, häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokary derejelere çykarýar.

Şu günki gün dünýä ýurtlary, döwletleri, halklary bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň iň netijeli gurallarynyň biri bolan medeniýet diplomatiýasy ýokary netijelere eýe bolýar. Şunda ýurdumyzyň ÝUNESKO guramasy bilen gatnaşyklary giňeldýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki döwre çenli ýurdumyzyň çäginde ýerleşen gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly ýadygärlikler toplumlary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Adamzadyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna bolsa «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym aýtmak we tans sungaty, milli halyçylyk sungatymyz we beýleki gymmatlyklarymyz girizildi.

Allanazar SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.