Bagtyýarlygyň we ösüşleriň şäheri

22 Aprel 2021
988

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen paýtagtynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň miwesi aýdyň görünýär. Eziz Watanymyzyň taryhynda, halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi, belent üstünlikler gazanyldy. Beýik ösüşler ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde, onuň merkezi şäherini hem gurşap aldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabady ösdürmek barada döwlet syýasaty ýöredilip başlandy. Paýtagtymyz düýbünden özgerdi. Onuň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we möhüm ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam etdi.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň öwreniji mugallymy.