Saýlama sözlerde waspy söýlenen

21 Aprel 2021
835

Adam — tebigatyň bir bölegi. Şeýle bolansoň, onuň durmuşyny ösümlik we haýwanat dünýäsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Biziň halkymyzyň olara bolan garaýşy üýtgeşik, sylag-söýgüsi bimöçber. Türkmeniň aýry-aýry agaçlary keramatly saýmagy, aýry-aýry haýwanlary apalap, «janawar» diýip atlandyrmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bizde dil-agyzsyz janly-jandarlara sütem etmek beýle-de dursun, olara sögünmegem aňrybaş edepsizlik hasaplanýar.

Türkmen we bedew. Biri-birine wepaly iki dost asyrlaryň dowamynda menzilleri bile geçdi. Ikisiniň şatlygy-da, gussasy-da bir bolansoň, ata-babalarymyz bedewi adamlaşdyrmak derejesine çenli göterdi, «Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen nakyly döredip, onuň öz durmuşynda tutýan ornuny bary-ýogy ýedi sözde beýan etdi.

Amanmyrat Kiçigulow,
«Balkan».