Aşgabat şäherleriň seresi

21 Aprel 2021
907

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar Diýarymyzy, baş şäherimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, täze gurulýan desgalarda milli binagärlik däplerini şöhlelendirmek bilen bir hatarda, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň gazanan üstünliklerini utgaşdyrmak we tutuş durmuş düzümi ýokary derejede kämilleşdirmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça gurlup ulanylmaga berlen, gurluşygy dowam etdirilýän desgalaryň, işewürlik we durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň sany barha artýar.

Ak mermerli merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, desgalarynyň we şaýollarynyň sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäherimiz dünýäde iň arassa, owadan we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin iň amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hataryna goşuldy. Gözel paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özleriniň binagärlik özboluşlylygy, milli öwüşginliligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda merjen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde we şaýollaryň ugrunda dürli maksatly binalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Bu binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň günorta künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary.