Nusgalyk göreldä hormat

21 Aprel 2021
941

Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilip, geljek nesillerimize, uzak asyrlara ýetirilmegi ugrunda amala aşyrýan taýsyz tagallalary tutuş halkymyzy çäksiz begendirýär, aýratyn guwanç-buýsanç duýgusyny döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanynda milli Liderimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy munuň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň türkmen seýisçilik ýörelgesiniň işjeň dowam etdirilmegine, onuň sungat derejesine çykarylmagyna uly goşant goşandygyna hemmämiz şaýat. Çünki hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedewlerimize bagyşlap döreden ajaýyp kitaplarynda bu barada giňişleýin gürrüň edilýär, şeýle gadymy hünäriň ýol-ýodalary, inçe tilsimleri açylyp görkezilýär, olary berjaý etmäge gönükdirilen maslahatlar berilýär. Şonuň bilen birlikde-de, olarda halkymyzyň seýisçilik sungatyny ösdürmekde düýpli iş eden halypa seýisleriň atlary agzalýar, bitiren hyzmatlaryna hormat-sarpa goýulýar.

Ýanberdi TÄJIBAÝEW,
Daşoguz döwlet athanasynyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy.