Döwletli ýörelge dowamat-dowamdyr

21 Aprel 2021
807

Türkmen jemgyýeti, türkmen döwleti ösýär, özgerýär. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň kanunçylyk esaslary-da kämilleşdirilýär. Bu ýagdaý 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelerde we goşmaçalarda öz beýanyny tapdy. Onda türkmen parlamenti Milli Geňeş diýlip atlandyryldy. Onuň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, iki palataly parlament dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli hereket edýär. Demokratik ýörelgeleriň ýaýbaňlandyrylmagy bilen iki palataly parlamentli ýurtlaryň sany artýar. Eger-de XX asyryň 70-nji ýyllarynda dünýäde 45 döwletde iki palataly parlament bolan bolsa, XXI asyryň birinji çärýeginde olaryň sany 70-den geçdi. Häkimiýet halk, häkimiýet sebit gatnaşygynda has netijeli hasaplanmagy onuň tarapdarlarynyň köpelmegine sebäp bolýar. Iki palataly parlament özüniň ýokary guramaçylygy we professionallygy, jemgyýet we döwlet bolsa has durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Peýşembaý AÝDOGDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.