­Adyň älem içre aýdym, Aşgabat!

21 Aprel 2021
866

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat hem gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, edaradyr kärhanalar özboluşly binagärlik keşbini emele getirýärler. Köp sanly seýilgähler, suw çüwdürimleriň toplumlary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Ak şäherimizi okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, durnukly ösýän şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri çözmäge gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýan hukuknamalaryň kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekdäki işler gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Gülşat AMANALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.