Baky berkararlygyň berkdir binýady

21 Aprel 2021
1028

Biziň merdana halkymyzyň ruhy dünýäsinde ak öý agzybirligiň, abadançylygyň we rahatlygyň sakasyna deňelýär. Ol döwletliligiň, rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Gözbaşyny taryhyň çuň gatlaklaryndan alyp gaýdýan bu ruhy ýörelge bagtyýarlyk döwrümiziň paýhas ummanynyň täjine öwrüldi. Munuň şeýledigini welaýat merkezimizde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan «Türkmeniň ak öýünde» ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki dabaraly çäreleri geçirmekligiň göz öňünde tutulmagy hem doly tassyklaýar.

Binagärligiň milli ýörelgeleri bilen döwrüň iň kämil tehnologiýalary utgaşdyrylyp gurulýan bu ajaýyp bina ildeşlerimiziň agzybirligini, tutanýerliligini, berk güýç-kuwwata eýedigini äşgär edýär. Bu ajaýyp binagärlik eseri geljekki nesiller üçin iň gymmatly ýadygärlikleriň birine öwrüler.

Mähri ABDURAHMANOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.